Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidenti Gi Parmeline Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Milli güni mynasybetli gutlaglaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär. Döwlet Baştutany Parmeline tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Şweýsariýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi. Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Milli güni her ýylyň 1-nji awgustynda bellenilýär. Baýramçylyk 1291-nji ýylda üç kantonyň arasynda baglaşylan ylalaşyga bagyşlanan bolup, ol Şweýsariýa Konfederasiýasynyň düýbüniň tutulmagynyň başlangyjy diýlip hasaplanýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir