BMW kompaniýasy hereketlendiriji işe girizilende maşynyň gyzmagyna, gysga utgaşma we ýangyna getirip biljek starteriň näsazlygy sebäpli 744 234 sany awtoulagy yzyna çagyrýandygyny mälim etdi. Bu barada Reuters ýazýar. ABŞ-nyň Ýol hereketiniň howpsuzlygy milli müdirliginiň (NHTSA) maglumatlaryna görä, yzyna çagyryş astyna düşýän awtoulaglaryň takmynan 320 müňüsi ABŞ-da ýerleşýär. Hyzmat ediş kampaniýasy 3-nji, 4-nji, 5-nji, 6-njy we 7-nji seriýaly modellere, X3, X4, X5, X6 we X7 krossowerlerine, Z4 rodsterine, şeýle hem "Toyota Supra" ulaglaryna degişlidir. Ähli ulaglar 2020-nji ýylyň 31-nji iýulyndan 2026-njy ýylyň 26-njy fewralyna çenli döwürde çykaryldy. Näsazlygy aradan aýratmak üçin eýelerine resmi diler merkezlerinde starter mugt çalşyrylyp berler. Hyzmat ediş kampaniýasynyň başlanjakdygy barada olara ýazmaça habar berler. Bu şu ýyl şol bir sebäp boýunça BMW tarapyndan geçirilýän üçünji yzyna çagyryş kampaniýasydyr. Fewral aýynda öndüriji şol bir näsazlyk sebäpli 500 müňden gowrak awtoulagy yzyna çagyrypdy, 2025-nji ýylyň güýzünde bolsa yzyna çagyryşyň sebäbi enjama suw düşmegine getirip biljek starter relesiniň korpusynyň berk däldigi boldy.