Türkmenistandan 10 sany mekdep okuwçysy 2-7-nji awgust aralygynda Londondaky (Beýik Britaniýa) Surreý uniwersitetinde geçiriljek «International World Innovative Student Exhibition» (iWISE) halkara bäsleşigine gatnaşar. Bäsleşikde dürli ýurtlardan gelen okuwçylar we talyplar ylym, tehnologiýa, inženerçilik we matematika (STEM), şeýle hem robototehnika, iňlis dili we sungat ugurlary boýunça öz bilimlerini we başarnyklaryny görkezer. Türkmen toparyna Arkadag şäheriniň 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynyň informatika mugallymy Myrat Sähetgulyýew hem-de Aşgabat şäheriniň dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiniň taryh mugallymy Goçmyrat Baýramow ýolbaşçylyk edýär. Bäsleşikde ýurduň adyndan Arkadag hem-de Aşgabat şäherleriniň ýöriteleşdirilen mekdepleriniň okuwçylary çykyş eder. Mundan ozal, 2026-njy ýylyň fewral aýynda türkmen mekdep okuwçylary Dubaýda (BAE) geçirilen «iWISE GLOBAL FINAL 2026» atly robototehnika boýunça halkara olimpiadasynda üstünlikli çykyş edipdi.