Russiýaly türgen Usman Nurmagomedow Nýu-Ýorkdaky ýaryşda amerikaly Arçi Kolgany tehniki nokaut bilen ýeňip, ýeňil agram derejesinde PFL-iň çempionlyk guşagyny gorady. Duşuşyk birinji raundda tamamlandy. Nurmagomedow garşydaşyna öz tilsimini ulanmaga mümkinçilik bermän, möhletinden öň ýeňiş gazandy. Bu ýeňiş russiýaly türgen üçin PFL-iň ýeňil diwizionyndaky çempionlyk gyşagynyň yzygiderli ikinji üstünlikli goragy boldy. Ýeňişden soň Usman Nurmagomedowyň rekordy ýeňlişsiz 22 ýeňşe ýetdi, şol sanda 16 duşuşygy ol möhletinden öň tamamlady. Arçi Kolgan üçin bu ýeňliş professional sportdaky ilkinji ýeňlişi boldy. Indi onuň hasabynda 15 ýeňiş we 1 ýeňliş bar.