Ýaponiýanyň Hirosima şäherinde toprak nusgalaryndan 1945-nji ýyldaky ýadro partlamasyndan soň emele gelen diýlip hasaplanýan ozal näbelli madda tapyldy. Bäş metaldan ybarat tertipli kristal gurluşly täze birleşme «hirosimait» diýlip atlandyryldy. Bu barada «Science Advances» žurnalynda habar berilýär. Täze madda Florensiýa uniwersitetinden italiýaly geolog we kristallograf Luka Bindi tarapyndan tapyldy. Ol diametri, takmynan, 10 mkm bolan mikroskopik şarjagazlar görnüşindedir. Olaryň hersinde bäş we ondan hem köp metal elementler, ýagny demir, nikel, kremniý, alýuminiý we beýlekiler bolup, olar bir umumy kristal gözenege birleşendir. Bellenilişi ýaly, şeýle ýokary derejede tertipli gurluşy bolan köp komponentli garyndylar tebigatda örän seýrek duş gelýär. Ylmy gözlegiň awtorlary hirosimaitiň 1945-nji ýylyň 6-njy awgustynda atom bombasynyň partlamagy netijesinde dörändigini aýdýar. Şol wagt temperatura 7000°C-dan ýokary derejä ýetip, zeper ýeten zolakdaky ähli zady bugartdy. Şondan soň galyndylar örän kiçi damjalara geçip, kristal şarjagazlar görnüşinde gatady we tutuş şähere ýaýrady. Birleşme häzirlikçe ýeterlik derejede öwrenilmedi, ýöne alymlar bu maddanyň ýokary mehaniki berklige, termiki durnuklylyga we poslama garşy durnuklylyga eýe bolup biljekdigini çaklaýar. Şeýle hem bu açyş arkaly alymlar ýadro partlamasynyň tertibe salnan çylşyrymly kristal gurluşlary döretmäge ukyplydygyny bildi.