Maý aýynda Kaliforniýada elektrik energiýasynyň önümçiliginde Gün energiýasynyň paýy 50%-den geçdi. Bu iri möçberli energetika ulgamy üçin dünýä tejribesinde ilkinji şeýle ýagdaý bolup biler diýip, Britaniýanyň Ember analitiki merkezine salgylanyp, «Los Angeles Times» ýazýar. 2026-njy ýylyň ilkinji bäş aýynda Gün çeşmelerinden öndürilen elektrik energiýasynyň göwrümi ştatda uzak wagtlap esasy ýangyç bolup galan tebigy gazyň görkezijilerinden geçdi. Şeýlelikde, 2026-njy ýyl Kaliforniýanyň umumy energiýa balansynda Gün energiýasynyň gazdan öňe geçýän ilkinji ýyly bolmaga dalaş edýär. Bu üstünligiň gazanylmagynda akkumulýator saklaýjylarynyň işjeň ösdürilmegi esasy orny eýeledi. Olar gündizine artykmaç Gün energiýasyny ýygnap, Gün batandan soň ony ulanmaga mümkinçilik berýär. Seljermede beýleki sebitlerden import däl-de, diňe gönüden-göni Kaliforniýada öndürilen energiýa göz öňünde tutulýar. Önümçilik senagat stansiýalaryny-da, jaýlaryň üçeklerindäki adaty panelleri-de öz içine alýar. Şeýle üstünlige elektrik energiýasyna bolan islegiň pes bolmagyny üpjün eden we Gün energiýasyna zerurlyklaryň esli bölegini ýapmaga mümkinçilik beren amatly howa şertleri hem ýardam etdi. 2018-nji ýylda kabul edilen kanuna laýyklykda, Kaliforniýa 2045-nji ýyla çenli elektrik energiýasynyň doly arassa çeşmelerine geçmegi maksat edinýär.