Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow Merkezi Aziýa ýurtlaryna gelýän daşary ýurtly syýahatçylar üçin bitewi wiza tertibini döretmegi teklip etdi. Bu başlangyç Çolpon-Atada sebit ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň döwlet baştutanlarynyň duşuşygynda hödürlendi we Gazagystan bilen Özbegistan tarapyndan eýýäm goldanyldy. Bir bitewi syýahatçylyk wizasynyň sebit boýunça syýahatlary aňsatlaşdyrjagy hem-de Beýik Ýüpek ýolunyň desgalaryny we tebigy gözelliklerini has elýeterli etjekdigi göz öňünde tutulýar. Syýahatçylygy ösdürmekden başga-da, ýurtlar ulag we energetika ulgamynda hem hyzmatdaşlygy dowam etdirmek isleglerini hem tassykladylar. Esasy taslamalaryň arasynda Hytaý — Gyrgyzystan — Özbegistan demir ýolunyň gurluşygy bar. Bu ýol Hytaýdan Ýewropa we Ýakyn Gündogara ýükleri eltmek ugurlaryny gysgaldar. Gyrgyzystanyň Gazagystan we Özbegistan bilen durmuşa geçirýän «Gambarata HES-1» (Gidroelektrostansiýasy) gurluşygy hem ýene bir bilelikdäki taslama bolmagynda galýar. Şeýle hem taraplar energoulgamlaryň durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin özara elektrik energiýasyny alşyp-berişmek baradaky ylalaşyklary tassykladylar. Sebit başlangyçlaryny maslahatlaşmagyň indiki tapgyryny 2026-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda Awazada geçirmek meýilleşdirilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir