Mundan bir ýyldan gowrak wagt ozal SpaceX kompaniýasy tarapyndan uçurylan raketanyň ýokarky basgançagy Aýyň üsti bilen çaknyşar. Waka çarşenbe güni, 5-nji awgustda bolup geçer we netijede krater emele gelip, tozan buludy ýokary göteriler. Bu barada «The Guardian» neşiri ýazýar. Bu raketa iki sany Aýa gonuş modulyny orbita çykarmak maksady bilen uçurylypdy. Kosmos obýektlerini yzarlamak boýunça hünärmen Bill Greýiň çaklamalaryna görä, zarbanyň tizligi sagatda 8700 km bolar, bu bolsa sesiň tizliginden ýedi esse ýokarydyr. Çaknyşma Aýyň Gün bilen yşyklandyrylýan günbatar çetindäki Eýnşteýn krateriniň golaýynda bolar. ABŞ-nyň we Kanadanyň gündogar sebitlerinde, şeýle hem Günorta Amerikanyň köp böleginde daňdan wagtdan öň bolup geçjek bu wakany synlamak üçin gowy şertler bolar. Hünärmenleriň aýtmagyna görä, eger raketanyň ýokarky basgançagy geliosentrik (Günüň töweregi) orbita çykarylan bolsa, çaknyşmadan sypyp bolardy. Häzirki zarba Aýyň bize görünýän tarapynda bolar, onuň energiýasy bolsa üç tonna trotiliň partlamagyna deň bolar. Zarbadan emele geljek we bir sekuntdan hem az dowam etjek partlama, ähtimal, Ýerden synlamak üçin örän gowşak bolar. Los-Alamos milli barlaghanasyndan Benjamin Fernando urgynyň netijesinde emele geljek krateriň diametriniň, takmynan, 27 metr, çuňlugynyň bolsa 5 metr bolmagyna garaşýar. Şeýle krater Ýerden görünmek üçin örän kiçidir, ýöne ol kosmos enjamlary tarapyndan hasaba alnar. NASA-nyň Lunar Reconnaissance Orbiter we Günorta Koreýanyň Danuri enjamlary wakanyň boljak ýerini çaknyşmadan öň we soň surata düşürer.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir