Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon 31-nji iýulda Çolpon-Atada (Gyrgyzystan) geçirilen Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl konsultatiw duşuşygynda sebitde uly nebiti gaýtadan işleýän zawody gurmak baradaky teklip bilen çykyş etdi. Emomali Rahmon energetika howpsuzlygynyň sebitiň durnukly ösüşinde möhüm orun eýeleýändigini we häzirki ýagdaýlary göz öňünde tutmak bilen bilelikdäki çözgütleri talap edýändigini nygtady. «Biziň degişli edaralarymyza iň täze tehnologiýalary çekmek bilen sebitde uly nebiti gaýtadan işleýän zawodyň gurluşygy baradaky meseläni işläp taýýarlamagy tabşyrmagy teklip edýärin. Şol bir wagtyň özünde, elbetde, sebitiň ýurtlarynyň nebit önümleriniň möhüm görnüşlerine bolan içerki zerurlyklary, ilkinji nobatda, göz öňünde tutulmalydyr» – diýip, Täjigistanyň Prezidenti belledi. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl konsultatiw duşuşygy 30-njy iýuldan 1-nji awgust aralygynda Yssyk-Kölde geçirildi we oňa Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri gatnaşdy. Duşuşykda söwda, energetika, ulag geçelgeleri, syýahatçylyk we sebit howpsuzlygy ýaly möhüm meseleler maslahatlaşyldy we taraplar Çolpon-Ata Jarnamasyna gol çekdi.