Aşgabatda tegelek stol maslahaty geçirildi, onda Hazar deňziniň, ilkinji nobatda, plastmassa galyndylary bilen hapalanmagynyň öňüni almak boýunça çäreleri guramak boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Çäre Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy (BMGÖM) tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy (ÝUNEP), Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýa (Tähran konwensiýasy) hem-de Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen bilelikde guraldy. Aşgabatda Hazar deňziniň plastmassa galyndylary bilen hapalanmagynyň öňüni almak meseleleri boýunça tegelek stol geçirildi Duşuşyk Russiýa Federasiýasynyň maliýe goldawy bilen durmuşa geçirilýän «Deňiz galyndylaryna we deňizdäki plastmassa hapalanmasyna garşy göreş – Hazar sebiti üçin toplumlaýyn çemeleşme» atly sebit taslamasynyň çäklerinde geçirildi. Oňa döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdy. Maslahatyň dowamynda galyndylary dolandyrmagyň milli ulgamyny kämilleşdirmegiň ýollary, häzirki zaman ülňülerini we kadalaşdyryjy resminamalary işläp taýýarlamak, şeýle hem Türkmenistanyň Hazarýaka sebitinde hapalanma boýunça maglumatlary toplamagyň we oňa gözegçilik etmegiň täze usullaryny ornaşdyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Aşgabatda Hazar deňziniň plastmassa galyndylary bilen hapalanmagynyň öňüni almak meseleleri boýunça tegelek stol geçirildi Şeýle hem galyndylara gözegçilik etmek boýunça maksatnamanyň işe girizilmegine aýratyn üns berildi. Bu maksatnama hapalanmanyň çeşmeleri barada has doly maglumat almaga hem-de daşky gurşawy goramak boýunça görülýän çäreleriň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer. Aşgabatda Hazar deňziniň plastmassa galyndylary bilen hapalanmagynyň öňüni almak meseleleri boýunça tegelek stol geçirildi Sebit taslamasy syýasaty we kanunçylygy kämilleşdirmek, galyndylary dolandyrmagyň durnukly usullaryny ösdürmek, aýlawly ykdysadyýetiň ýörelgelerini ilerletmek hem-de Hazarýaka döwletleriniň arasyndaky sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak arkaly gury ýerlerden Hazar deňzine düşýän galyndylaryň möçberini azaltmaga gönükdirilendir. Aşgabatda Hazar deňziniň plastmassa galyndylary bilen hapalanmagynyň öňüni almak meseleleri boýunça tegelek stol geçirildi Taslama Hazar sebitiniň ýurtlary bilen ýakyn hyzmatdaşlykda amala aşyrylýar hem-de Tähran konwensiýasynyň mehanizmlerine, şeýle hem deňiz galyndylaryna garşy göreş boýunça halkara tejribesine esaslanýar. Şeýle çemeleşme Hazar deňziniň täsin ekoulgamyny gorap saklamak we has durnukly geljegi üpjün etmek ugrunda sebit ýurtlarynyň tagallalaryny birleşdirmäge ýardam berýär.