Şu gün — 31-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Yssyk-Köl welaýatynyň Çolpon-Ata şäherinde geçiriljek Merkezi Aziýanyň döwletleriniň we Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak üçin Gyrgyz Respublikasyna geldi diýip, Gyrgyzystanyň Ministrler Kabineti habar berýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gyrgyzystana sapar bilen bardy «Yssyk-Köl» halkara howa menzilinde belent mertebeli myhmany Ministrler Kabinetiniň Başlygy — Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Adylbek Kasymaliýew garşylady. Çolpon-Atadaky duşuşyk 30-njy iýul — 1-nji awgust aralygynda geçirilýär. Oňa Merkezi Aziýanyň 5 ýurdunyň we Azerbaýjanyň Prezidentleri gatnaşýarlar. Duşuşygyň dowamynda Liderler söwda, energetika we syýahatçylyk pudaklarynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, ulag geçelgelerini giňeltmek, şeýle hem sebitde medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek meselelerini maslahatlaşarlar. Türkmenistanyň Prezidentiniň Gyrgyz Respublikasyna amala aşyrýan saparynyň maksatnamasy ýakyn günlerde dowam eder.