Abulkasym Ferdöwsiniň «Şanama» poemasynyň täjik neşiri Minsk şäherinde geçen GDA ýurtlarynyň 23-nji «Kitap sungaty» halkara bäsleşigiň Gran-pri baýragyny aldy. Bu barada «MIR 24»-iň habarçysy Mariýama Rahmanowa habar berdi. Bäsleşige 6 döwletden 60 neşir gatnaşdy. Täjigistanda neşir edilen kitap biragyzdan ýeňiji diýlip yglan edildi. Ýeri gelende aýtsak, bu bir şahyr tarapyndan ýazylan dünýäde iň uzyn poemadyr. Abulkasym Ferdöwsi X asyryň ahyrynda —XI asyryň başynda ýaşap geçipdir. «Şanamada» gadymy patyşalaryň, gahrymanlaryň we halklaryň mifologik döwürlerden başlap, VII asyra çenli taryhy beýan edilýär. Bäsleşigiň jemleri Belarusuň Milli kitaphanasynda jemlendi. Hünärmenler kitaplara çeperçilik bezegi, çap ediliş hili we medeni mirasy gorap saklamaga goşandy boýunça baha berdiler. «Munuň özi biziň Respublikamyzda kitap neşirçiliginiň ýokary depginde ösýändigini görkezýär» diýip, Täjigistanyň Medeniýet ministrliginiň neşirýat we çaphana edarasynyň başlygy Ibragim Ahmad gürrüň berdi.