Kabo-Werdeniň milli ýygyndysynyň derwezeçisi Wozinýa Çiliniň «Kolo-Kolo» futbol kluby bilen şertnama baglaşmak baradaky teklibini kabul etdi. Bu barada žurnalist Herman Garsiýa Growa X sosial torundaky sahypasynda habar berdi. Kabo-Werdeniň milli ýygyndysy dünýä çempionatynyň H toparçasynda Ispaniýanyň, Urugwaýyň we Saud Arabystanynyň ýygyndylary bilen bäsleşip, toparçada ikinji orny eýeledi. Toparçadaky üç duşuşygyň hemmesi deňme-deň netije bilen tamamlandy we topar pleý-off tapgyryna çykmagy başardy. 1/16 finalda bolsa Kabo-Werde ýygyndysy goşmaça wagtda häzirki dünýä çempiony bolan Argentinanyň ýygyndysyndan 2:3 hasabynda ýeňildi. Çempionatyň dowamynda Wozinýa sosial torlarda oňa ýazylanlaryň sany boýunça derwezeçileriň arasynda rekord goýdy. Oňa ýazylanlaryň sany 28 milliondan geçdi. Mundan başga-da ol janköýerleriň saýlawy boýunça çempionatyň iň gowy oýunçylarynyň düzümine girizildi. 40 ýaşly Wozinýa iýul aýyndan bäri erkin agent derejesine eýe bolup, onuň soňky çykyş eden kluby Portugaliýanyň «Şaweş» toparydyr. Şeýle hem ol dürli ýyllarda Portugaliýanyň «Žil Wisente», Kipriň Limasol şäheriniň AEL klubynda, Slowakiýanyň «Trençin» we Moldowanyň «Zimbru» toparlarynda çykyş etdi.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir