Balkan welaýatynyň merkezi Balkanabat şäheriniň «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki toý meýdançasynda «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň welaýat boýunça jemleýji tapgyry geçirildi. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi. «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Balkan welaýat boýunça jemleýji tapgyry geçirildi Habarda bellenilişi ýaly, ajaýyp merkezde guralan «Ýaňlan, Diýarym! – 2026» telebäsleşiginiň Balkan welaýaty boýunça jemleýji tapgyryna onuň etraplardyr şäherlerdäki deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolan höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň 10-sy gatnaşdy. «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Balkan welaýat boýunça jemleýji tapgyry geçirildi Bäsleşige gatnaşan höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň ýerine ýetirijilik ussatlygy, sahna medeniýeti, aýdymlaryň döwrebaplygy, milliligi, çeperçilik derejesi talapkär emin agzalarynyň adalatly bahalarynda mynasyp orun eýeledi. «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Balkan welaýat boýunça jemleýji tapgyry geçirildi Bäsleşikde has tapawutlanan ýaş aýdymçylardan welaýatyň Etrek etrabynyň medeniýet merkeziniň höwesjeň aýdymçysy Baýrammyrat Ýakubow, Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesiniň ýaşaýjysy Amanmyrat Maýdyýew «Ýaňlan, Diýarym! – 2026» telebäsleşiginiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.