Komor adalaryndaky taryhy alty soltanlygyň medineleri ÝUNESKO-nyň bütindünýä sanawyna girizildi. Olar ýurduň şeýle dereje alan ilkinji obýektleri boldy diýip, guramanyň saýtynda habar berilýär. Medineler — bu hökümdarlaryň köşklerini, metjitleri, jemgyýetçilik meýdançalaryny we söwda ýerlerini özünde birleşdirýän köne mähelleler bolup, Moroni, Nsujini, Isandry, Ikoni, Musamudu we Domoni şäherleriniň taryhy merkezleridir. Medineleriň ýerindäki ilkinji şäherler XI asyrdan öň emele gelipdir. XIV-XV asyrlarda olar özbaşdak şäher-döwletlere öwrülipdirler, has gijräk Komor arhipelagynyň soltanlyklarynyň baş merkezleri bolupdyrlar. Medineler gysby ýerleşýän gurluşyklar, daşdan gurlan ýaşaýyş öýleri, köşk toplumlary, taryhy metjitleri we goranyş binalary bilen tapawutlanypdyrlar. Olaryň binagärligindäki özboluşlylyklar Gündogar Afrika bilen arap-musulman dünýäsiniň, Madagaskaryň we gijräk Ýewropa döwletleriniň medeni hem-de söwda gatnaşyklary netijesinde kemala gelipdir. Komor adalaryndaky medineler toplumynyň meýdany 30,5 gektar töweregidir.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir