Dokma senagaty ministrliginiň Tejen pagta egriji fabriginde 2026-njy ýylyň alty aýynda 37 million 203 müň 194 manatlyk önüm öndürildi. Şeýlelikde, kärhanada, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bu babatda 104,2 göterimden gowrak ösüş depgini üpjün edildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi. Fabrikde ýerli pagta çig malynyň gaýtadan işlenilmegi netijesinde taýýarlanýan dürli belgili ýüplükler dünýä ölçeglerine gabat gelmek bilen, bäsdeşlige ukyply nah matalary öndürmäge mümkinçilik berýär. Bu bolsa nah ýüplüklere daşary bazarda hem islegiň uly bolmagynyň esasy şerti bolup durýar. Ýaşlaryň ýüzlerçesiniň zähmet çekýän ýeri bolan pagta egriji fabriginde alnyp barylýan netijeli işler ýurduň ýeňil senagaty pudagynyň ösüşine saldamly goşantdyr.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir