Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Daşoguz şäherindäki «Demirbetonönümleri» zawodynyň düzümindäki gurluşyk-gurnama işlerini alyp barýan edara tarapyndan gurlan iri panelli, köp öýli ýaşaýyş jaýlary hem şäheriň gözelligine görk goşýar. Hasabat döwründe kärhananyň ezber gurluşykçylary 6 million 275 müň manatlyk gurluşyk-gurnama işlerini ýerine ýetiripdirler. Işiň netijeliligine has aýdyň göz ýetirmek üçin kärhananyň bu babatdaky önümçilik meýilnamasynda 1 million 700 müň manatlyk gurluşyk-gurnama işlerini ýerine ýetirmegiň göz öňünde tutulandygyny aýratyn nygtamak zerur. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi. Habarda bellenilişi ýaly, sebitiň gurluşyk pudagyny zerur demir-beton önümleri bilen yzygiderli üpjün etmekde, gurluşyk-gurnama işlerini talabalaýyk we öz wagtynda berjaý etmekde welaýatyň bu baýry senagat kärhanasynyň baý tejribesi bar. 2014-nji ýylda durky täzelenen zawodyň ýyllyk taslama kuwwatlylygy 50 müň kub metre ýetirildi. 2026-njy ýylyň birinji ýarymynda bu ýerde gurnama demir-beton önümleriniň 13 müň 400, gymmatly çig mal bolan keramzidiň 4 müň 900 kub metri öndürilip, önümçilik meýilnamasy üstünlikli berjaý edildi. Önümçilik toplumynda ýanwar — iýun aralygynda öndürilen önümleriň gymmaty 21 million 466 müň manada golaý boldy. Ýylyň birinji ýarymynda Daşoguz şäherindäki «Demirbetonönümleri» zawodynda harytlyk beton önümleriniň öndürilişi we ýerine ýetirilen işleriň jemi boýunça 27 million 744 müň manatlyk iş edilipdir. Bu bolsa kärhananyň girdejisiniň meýilnamada göz öňünde tutulandakydan 7 million manatdan hem gowrakdygyny görkezýär. Kärhanada binalaryň binýady üçin niýetlenen bloklaryň, beton plitalaryň, iri panelli gurnama diwarlaryň, çarhawuklaryň, örtük plitalarynyň dürli ölçegdäki görnüşleri öndürilip, sebitde güýçli depginde alnyp barylýan iri desgalaryň gurluşyklary ýokary hilli gurluşyk önümleri bilen bökdençsiz üpjün edilýär. Şeýle hem zawodda dürli diametrli turbalar, lagym guýulary üçin gapaklar, beton ýol jähekleri we beýleki önümler taýýarlanylýar. Zawodyň gurluşyk-gurnama, demir-beton önümleri, esasan, kärhananyň düzümindäki gurluşyk edarasyna niýetlenen hem bolsa, welaýat merkezinde bina edilýän ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyk meýdançalary üçin hem önümiň uly tapgyrlary ugradylýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir