Mançesteriň howa menzilindäki awtobus stansiýasynyň başlygy bolup işleýän Deýw Grin haýran galdyryjy wakany başdan geçirdi: söwda awtomatlaryna hyzmat etmek üçin yzygiderli stansiýa gelýän kärdeşi Andrea Urmston onuň hakyky aýal dogany bolup çykdy. Olaryň ikisi-de motosikletleri halaýan ekenler, bu bolsa, dostlaşmaklaryna sebäp boldy. Gürrüňdeşlikleriň birinde Deýw çagaka özüniň ogullyga alnandygyny aýtdy, Andrea bolsa, oňa ejesiniň köp ýyl mundan öň täze doglan oglan bäbegi ogullyga berendigini gürrüň berdi. Seneleri we ýagdaýlary deňeşdirip, olar özleriniň dogandyklaryny bildiler. Soňra Deýw ejesi bilen duşuşdy. Deýw köp ýyllap awtobus sürüjisi bolup işläpdir hem-de her gün ejesiniň öýüniň deňesinden geçip gidipdir. Anderanyň sözlerine görä, eneli-ogluň duşuşygy diýseň duýguly bolupdyr. Sýuzan ogluny kän ýyllar gözläpdir, emma netije bolmandyr. Deýw we Andrea özleriniň endikleriniň, halaýan naharlarynyň birmeňzeşdigini bilipdirler, hatda olaryň ikisi-de çaý içmegi halaýan ekenler diýip, ýerli «Mirror» neşiri ýazýar. «Men hemişe durmuşda esasy zadyň seniň nämäň bardygy däl-de, ýanyňdaky adamlar diýip hasaplardym. Şol günden soňra durmuşym düýpli özgerdi» diýip, Deýw şatlygyny paýlaşanda aýtdy.