Bütindünýä bankynyň penşenbe güni çap edilen hasabatyna laýyklykda, mundan bir aý öň Wenesuelada bolan ýertitreme bu ýurduň ykdysadyýetine 19,6 milliard dollar zyýan ýetirdi. 24-nji iýulda demirgazyk Wenesuelada güýji 7,2 we 7,5 bala deň bolan iki ýertitremede paýtagt Karakas şäherinde hem-de paýtagtdan uzakda bolmadyk kenarýaka La-Guaýra ştatynda ýüzlerçe bina ýykyldy, resmi maglumatlara görä, 5398 adam pida boldy. Bankyň baha bermegine görä, ýitgileriň 47 göterimi ýaşaýyş jaýlaryna, 27 göterimi infrastruktura hem-de 26 göterimi senagat we işewürlik binalaryna degişlidir. Hünärmenler ýertitremäniň durmuş-ykdysady täsiri ilkinji nobatda Wenesuelanyň hyzmatdaşlarynyň goldawyna we dikeldiş işleriniň depginine bagly bolar diýip belleýärler. Bu azyndan 10 ýyla çekip, ýurduň ykdysady işjeňligine uzakmöhletleýin ýaramaz täsir edip biler. Wenesuela Halkara Pul gaznasyndan Prezident Nikolas Maduronyň ýurda ýolbaşçylyk eden döwründe togtadylan 346 mln dollaryň bölüp berilmegine razylyk aldy. Ýurduň wagtlaýyn Prezidenti Delsi Rodriges şu ýylyň dowamynda ejir çekenler üçin 4 müň hem-de 2027-nji ýylda 10 müň ýaşaýyş öýüni gurmagy söz berdi. BMG-niň hünärmenlik bahalandyrmasyna görä, dereksiz ýitenleriň sany 50 müňe ýetip biler. Häzir wenesuelalylaryň 20 müňüsi stadionlardaky, jemgyýetçilik meýdançalaryndaky, hatda ýanýodalardaky düşelgelerde ýerleşdirildi.