Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň Birleşen Ştatlara sapary 24-nji sentýabrda başlanar. ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bu barada Waşingtonda geçen çärede yglan etdi diýip, TASS ýazýar. Ýeri gelende aýtsak, Tramp 14-15-nji maýda Pekinde bolupdy. Waşington indi Hytaýyň Başlygynyň jogap saparyna garaşýar. Öň ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio amerikan lideriniň maý aýyndaky saparyndan duýlarlykly netije bolmandygyny, onuň diňe «dünýäde iki sany kuwwatly döwletiň liderleriniň duşuşygy» bolandygyny aýtdy.