Türkmenistanyň ilçisi B.Rejepow Gazagystan Respublikasynyň maliýe ministriniň orunbasary Ý.Biržanow bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň ilçihanasynyň resmi saýtynda habar berildi. 23-nji iýulda bolan duşuşygyň barşynda taraplar gümrük we salgyt ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki meselelerini, şol sanda degişli edaralaryň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek, şeýle hem iki ýurduň üstaşyr, ulag we söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da bu ugurlarda tejribe alyşmak we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen iki döwletiň ygtyýarly edaralarynyň arasynda wekiliýetleriň alyş-çalşyny işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerine garaldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir