Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärliklerine syýahatçylary has giňden çekmek, şeýle hem içerki syýahatçylygy ösdürmek maksady bilen şu ýylyň 20-nji iýulynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Syýahatçylyk müdirligi hem-de Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärliklerini goramak, öwrenmek we rejelemek baradaky milli müdirligi tarapyndan Ahal welaýatynyň çäginde, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän gadymy Abiwerd galasyna we Abu Seýit Abul Haýryň (Mäne babanyň) aramgähine tanyşlyk gezelenji guraldy. Gezelenje Aşgabat şäher syýahatçylyk agentliginiň hünärmenleri, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymlary, şeýle hem Kaka we Altyn Asyr etraplarynyň orta mekdepleriniň mugallymlary gatnaşdylar. Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärliklerini goramak, öwrenmek we rejelemek baradaky milli müdirligiň hünärmenleri gatnaşyjylary bu gadymy ýadygärlikleriň taryhy, medeni mirasdaky orny we halkymyzyň durmuşyndaky ähmiýeti bilen tanyşdyrdylar. Bu çäre barada Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir