Ýakynda Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynda görnükli ýazyjy, zehinli şahyr we dramaturg Hemra Şirow bilen ýaş okyjylaryň döredijilik duşuşygy geçirildi. Duşuşyga «Kitap – meniň dostum» maksatnamasynyň çäklerinde «Gujurly» bilim merkeziniň daşary ýurt dilleri okuwlarynyň diňleýjileri gatnaşdylar. Tanymal ýazyjy Hemra Şirow öz döredijiliginiň uly bölegini çagalara bagyşlandygyny belläp, şeýle duşuşyklara hemişe uly höwes bilen gatnaşýandygyny aýtdy. Şahyr ýaş okyjylary öz goşgular we hekaýalar ýygyndylary bilen tanyşdyrdy. Şeýle hem ol kitaplaryň adamda bilim almaga höwesi oýaryp, ýagşylyk, tebigata söýgi ýaly asylly häsiýetleri terbiýeleýändigini hem-de daş-töweregindäki adamlara düşünmegi öwredýändigini nygtady. Duşuşygyň dowamynda görnükli türkmen şahyry çagalar üçin ýörite ýazan goşgy-tapmaçalaryny okap berdi. Çagalar bolsa tapmaçalaryň jogabyny höwes bilen tapmaga synanyşdylar we ýazyja gyzykly sowallary berdiler. Soňra kitaphananyň işgärleri çagalar üçin kitap gaznasy we okalga zaly boýunça gezelenç guradylar. Bu geçirilen çäre barada Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.