Türkmen garyşyk başa-baş söweş (MMA) sungatynyň ussady Ata Atdaýew 23-nji iýulda Abu-Dabidäki Space42 arenasynda geçirilen halkara UAE Warriors 72 ýaryşynda üstünlikli çykyş edip, ýeňiş gazandy. Türkmen türgeniniň garşydaşy Braziliýanyň söweşijisi Paulo Wiktor boldy. UAE Warriors – bu Abu-Dabide ýerleşýän we Ýakyn Gündogaryň garyşyk başa-baş söweşleri boýunça öňdebaryjy guramalaryň biridir. Bu guramanyň geçirýän ýaryşlary dünýäniň dürli ýurtlaryndan ýokary derejeli türgenleri jemleýär hem-de MMA janköýerleriniň uly gyzyklanmasyny eýe bolýar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir