2026-njy ýylyň birinji ýarymynda dünýä haryt dolanyşygy 2025-nji ýylyň degişli döwründäki bilen deňeşdirilende, 12,5 göterim artdy. Emma munuň esasy sebäbi Ormuz bogazy boýunça gämi gatnawlarynyň işindäki bökdençlik hem-de energiýa göterijileriň üpjünçiligindäki howatyrlanmalar bilen baglydyr. Bu barada Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we ösüş boýunça maslahatynyň (ÝUNKTAD) hasabatyna salgylanýan TASS habar berdi. Hasabatda ady tutulan döwürde dünýä haryt dolanyşygynyň takmynan 13,7 trillion dollara ýetip, geçen ýylyň degişli döwründäkiden 12,5 göterim artandygy aýdylýar. Hyzmatlar söwdasynyň möçberi bolsa, 10,5 göterim ýokarlanypdyr. Guramada bu ösüşde esasy paýyň söwdanyň öz möçberleriniň artmagy däl-de, eýsem, nyrhlaryň gymmatlamagy bilen baglydygyny bellediler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir