Etrap, şäher saýlaw toparlarynyň ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli olar täzeden döredildi. Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 18-nji maddasyna laýyklykda etrap, şäher saýlaw toparlarynyň täze düzümine agzalyga wekilleri hödürlemek işleri syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň welaýat we etrap, şäher guramalarynyň mejlislerinde, şeýle hem raýatlar toparlarynyň ýygnaklarynda guramaçylykly amala aşyryldy. Bu barada «Türkmen gündogary» gazetinde habar berildi. Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenabat şäher we Çärjew, Darganata, Dänew, Döwletli, Farap, Garabekewül, Halaç, Hojambaz, Kerki, Köýtendag, Saýat etrap saýlaw toparlarynyň täze düzümine agzalyga Türkmenistanyň Demokratik partiýasyndan wekilleriň 37-si, ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan 4-si, Türkmenistanyň Agrar partiýasyndan 12-si, ýurdumyzyň Kärdeşler arkalaşyklaryndan 37-si, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginden 10-sy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasyndan 21-si, raýatlar toparlaryndan 11-si, jemi 132-si hödürlenildi. Hödürlenilen wekilleriň arasynda dürli ýaşdaky we bilim derejesindäki, milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda zähmet çekýän, dürli milletlerden bolan saýlaw hukukly raýatlaryň bolmagy, şeýle hem olaryň agzalarynyň welaýat boýunça jemi sanynyň 33,33 göteriminiň zenanlar we 30,30 göteriminiň ýaşlar bolmagy, etrap, şäher saýlaw toparlaryny täzeden döretmek işleriniň syýasy köpdürlülik, halk häkimiýetlilik ýörelgeleri hem-de demokratik kadalar esasynda amala aşyrylandygyny äşgär edýär. Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 32-nji maddasyna laýyklykda etrap, şäher saýlaw toparlarynyň düzümine agzalyga wekil hödürlemek hakyndaky syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň mejlisleriniň we raýatlar toparlarynyň ýygnaklarynyň beýanlary esasynda etrap, şäher saýlaw toparlary welaýat saýlaw topary tarapyndan täzeden döredildi. Bu saýlaw toparlaryny täzeden döretmek işleri Merkezi saýlaw topary tarapyndan tassyklanylan meýilnama esasynda, bellenilen möhletde guramaçylykly geçirildi. Şeýle hem etrap, şäher saýlaw toparlarynyň birinji mejlisleri geçirilip, toparyň başlygy, başlygynyň orunbasary we kätibi saýlanyldy. Welaýat saýlaw topary hem öz geçiren mejlisinde etrap, şäher saýlaw toparlarynyň täze düzümini tassyklady we olaryň agzalaryna şahsyýetnamalary dabaraly ýagdaýda gowşurdy.