Meşhur režissýor Stiwen Spilbergiň «Äşgär edilen gün» (iňlisçesi «Disclosure Day») atly ylmy-fantastiki trilleriniň dünýä premýerasy 2026-njy ýylyň iýun aýynda geçirildi. Filmiň wakalary köp ýyllaryň dowamynda hökümetler we gizlin gurama tarapyndan ýaşyrylyp gelnen Ýerden daşary siwilizasiýalaryň bardygynyň bütin adamzada mälim bolmagy bilen baglanyşykly ösüşleri beýan edýär. Filmde baş keşpleri Emili Blant, Joş O'Konnor, Iw Hýuson we Kolin Fert ýerine ýetirdi. Surata düşüriş işleri Nýu-Ýorkda, Nýu-Jerside we Atlantada geçirildi. Filmiň prokatyny bolsa «Universal Pictures» kompaniýasy amala aşyrdy. Häzir bu film «Belet» striming platformasynyň ulanyjylary üçin elýeterlidir. Kino söýüjiler filmi öýden çykman, özlerine amatly dilde we ýokary hilli görnüşde tomaşa edip bilerler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir