Aziýa ösüş banky (AÖB) Merkezi Aziýanyň sebitara ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň (MASYH) sekretariaty hökmünde 2026-njy ýylyň 30-njy sentýabry — 1-nji oktýabry aralygynda Mongoliýanyň Ulan-Bator şäherinde MASYH 2026 Işewürlik forumyny (CBF) geçirer. Forum MASYH-nyň 25-nji ministrler maslahatynyň çäklerinde guralar. Forumyň birinji güni «Maýa goýumlarynyň gerimini giňeltmek — infrastruktura özgertmeleriniň hereketlendiriji güýji», ikinji güni bolsa «Mongoliýa sebitiň üns merkezinde» diýen mowzuklara bagyşlanar. Forumyň maksatnamasy üç ugur boýunça guralar: energetika we özara baglanyşyk, akylly ulag we logistika, şeýle hem strategik ähmiýetli minerallar. Forumda hususy pudagyň gatnaşmagynda infrastruktura taslamalaryna maýa goýum mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga we bu ugurdaky päsgelçilikleri kesgitlemäge aýratyn üns berler. Forumyň çäklerinde ýokary derejeli umumy mejlisler, bilermenleriň panel maslahatlary, ugurlaýyn maslahatlar, şeýle hem «işewürlik — işewürlik» (B2B) we «işewürlik — hökümet» (B2G) görnüşindäki işewürlik duşuşyklary geçiriler. Bu çäreler hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, maýa goýumlaryny çekmäge hem-de sebitara işewür hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir. Forum MASYH ýurtlarynyň hökümet wekilleri, Aziýa we Ýewropanyň iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, sebitdäki maýadarlar, AÖB-nyň ýolbaşçylary we ösüş boýunça hyzmatdaş guramalar bilen täze işewür gatnaşyklary ýola goýmak üçin amatly meýdança döreder. Energetika we özara baglanyşyk, akylly ulag we logistika ýa-da strategik ähmiýetli minerallary gazyp almak ugurlarynda işleýän Türkmenistanyň hususy kompaniýalary carecprogram.org saýty arkaly foruma gatnaşmak üçin hasaba alnyp bilerler. Forumyň ýüzbe-ýüz görnüşindäki gatnaşmagy üçin hasaba alyş 2026-njy ýylyň 15-nji awgustyna çenli dowam eder.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir