Özbegistanda döwlet eýeçiligindäki gozgalmaýan emläkleri hususylaşdyrmak boýunça täze maksatnama taýýarlanýar, ýagny umumy bahasy 100 trillion sum (8,34 mlrd dollar) bolan gozgalmaýan emläkler satuwa çykarylar. Bu barada ýurduň Prezidentiniň metbugat sekretary Şerzod Asadow sosial torda habar berdi. Asadow täze maksatnamanyň özüne 8 müň gektar ýeri we 66 sany kärhanadaky döwlet paýyny jemlejekdigini mälim etdi. Döwlet äktiwlerini satyn alýan telekeçiler üçin ilkibaşky tölegi 30 göterimden 15 göterime çenli arzanlatmak meýilleşdirilýär. Galan serişdeleri göterimsiz möhlete bölüp tölemäge rugsat berler. «Fitch Ratings» edarasynyň maglumatlaryna laýyklykda, 2021-2025-nji ýyllarda Özbegistanda döwlet eýeçiligindäki 5,1 milliard dollar töweregi bahasy bolan binalar, 2025-nji ýylda bolsa, olaryň 1,6 mlrd dollarlygy hususy eýeçilige satyldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir