Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariatynyň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň hem-de Mary welaýat Medeniýet müdirliginiň bilelikde guramaklarynda Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Girman bagşy Ýagşysähet oglunyň doglan gününiň 120 ýyllygyna bagyşlanan dabara geçirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi. Girman bagşy 1906-njy ýylda Tejen etrabynyň Amanşagapan obasynda dogulýar. Onuň hakyky ady Orazsähet bolup, Girman onuň lakamydyr. Onuň kakasy Ýagşysähet hem toýlarda ýanama aýdymlary aýdar eken. Şonuň üçin bagşynyň ilkinji halypasy kakasy bolupdyr. Soňra ol şol döwürde Mary sebitlerinde meşhur bolan Annaesen bagşydan hem tälim alypdyr. Girman bagşynyň ýatlama dabarasynda onuň çowluklary Serdar hem-de Maksat Patyşagulyýewleriň ýerine ýetiren «Düşmüş», Sakarçäge etrabyndaky 4-nji orta mekdebiň aýdym-saz mugallymy Begmyrat Myradowyň aýdan «Mert bolmaz» atly halk aýdymlary, Türkmenistanyň at gazanan bagşylary Meretgeldi Tüňňiýewiň hem-de Çaryýarguly Ýakubowyň «Şelepli durna» aýdymy, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Töre Nobatowyň, bagşynyň agtyklary Kakajan, Resul Patyşagulyýewleriň atalaryny ýatlap beren gürrüňleri, agtygy Baýramgeldi Patyşagulyýewiň «Gürjiniň» atly aýdymy dabara gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Dabara bagşynyň agtyk-çowluklarynyň örän işjeň gatnaşandyklarydyr. Olaryň arasynda atasyny ýatlap çykyş eden bagşynyň agtygy Maýsa Patyşagulyýewa, çowlugy Maýa Patyşagulyýewa, «Aýlanar sen» atly aýdymy ýerine ýetiren çowlugy, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby Merjen Patyşagulyýewa dagy hem bar.