Ýewropa Bileleşigindäki geljek däne hasyly sözüň hakyky manysynda ýokary howa derejesi bilen baglylykda eräp barýar. Iýun aýyndaky adatdan daşary jokrama yssy sebäpli bileleşikdäki we Beýik Britaniýadaky däne önümçiliginiň çaklamalary 9 million tonna golaý peseldildi. Bu barada «Financial Times» neşirine salgylanýan «news.by» ýazýar. Maglumatlara laýyklykda, hasylyň ýitgisinden çekilen zyýan 2 milliard ýewrodan hem geçdi we bu öňki garaşylan hasylyň 5 göterimidir. Ýitgileriň tas ýarysyna golaýy Fransiýa degişli bolup, bu ýurtda hasylyň çaklamasy jemi bahasy 891 mln ýewro deň bolan 4 mln tonna çenli azaldyldy. Şeýle hem iýundaky yssydan Germaniýanyň, Awstriýanyň, Polşanyň we Wengriýanyň däneçilik ekerançylygy ejir çekdi.