Moldowanyň Prezidenti Maýýa Sandu Wasil Tofanyň başlyklygyndaky täze Ministrler Kabinetiniň kasam kabul edişligine gatnaşdy. Täze Hökümetiň düzümini mundan öň parlament tassyklady. Kasam kabul edişlik döwlet Baştutanynyň edarasynyň binasynda geçdi we Respublikanyň Hökümetiniň saýtynda görkezildi diýip, TASS habar berdi. «Biz Moldowa Respublikasyny ýewropa ölçeglerine laýyk getirmegi dowam etmelidiris. Golaý birnäçe aýda öňümizde Ýewropa goşulyşmak işinde möhüm sepgitleri amal etmek garaşýar, şunuň bilen baglylykda, men sizden bu tagallalary esasy wezipe hökmünde kesgitlemegiňizi haýyş edýärin» diýip, Sandu ministrlere ýüzlendi. Sandu Ministrler Kabinetini ykdysady ösüşi höweslendirmäge, işewürlik gurşawy gowulandyrmaga, döwlet emlägini has täsirli peýdalanmaga, ýewropa gaznalaryny doly özleşdirmäge, şeýle hem raýatlaryňdyr döwletiň howpsuzlygyny üpjün etmäge çagyrdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir