​Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow ABŞ-nyň Türkmenistandaky wagtlaýyn ynanylan wekili Kristin Howkins bilen duşuşyk geçirdi. ​Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini, şol sanda syýasy-diplomatik dialogy ösdürmegi, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar. Söhbetdeşler, şeýle hem, özara gyzyklanma bildirýän sebit we halkara gün tertibindäki meseleler boýunça pikir alyşdylar diýip, türkmen daşary işler edarasynyň metbugat gullugy habar berdi. ​Habarda bellenilişi ýaly, taraplar türkmen-amerikan döredijilikli hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de berkitmekde gyzyklanma bildirýändigini tassykladylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir