Agronomlar, feldşer-weterinarlar we peýnir gaýnatmak boýunça tehnologlar Russiýada azyndan 2032-nji ýyla çenli iň islegli hünärmenler bolar. Bu barada Mordowada geçen «Iň gowy hünärmen» bäsleşiginiň federal tapgyrynyň açylyş dabarasynda çykyş eden zähmet we durmuş goragy ministri Anton Kotýakow habar berdi. Ministriň sözlerine görä, bu agzalan üç ugurda golaý ýyllarda jemi 42 müň hünärmen gerek bolar. Kotýakow şeýle hem «Iň gowy hünärmen» bäsleşiginiň ýaşlaryň ünsüni çekmek we bu gün haýsy kärleriň zahmet bazarynda isleglidigini iş ýüzünde gorkezmek üçin geçirilýändigini nygtady.