Adamyň beýnisi her biri 128 GB deň bolan 20 müň sany smartfonyň ýadyna deň maglumaty özünde saklamaga ukyplydyr. Bütindünýä beýni gününde Russiýanyň Perm milli ylmy-barlag tehnologik unuwersitetiniň «Himiýa we biotehnologiýa» kafedrasynyň uly ylmy işgäri, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty Waleriý Litwinowyň bu barada sözlerini TASS habarlar gullugy getirýär. Alymyň aýtmagyna görä, beýniniň sygymy 2,5 petabaýt töweregi bolup, takmynan 2,5 million gigabaýta deňdir. Alym muny her biriniň sygymy 128 GB bolan 20 müň sany smartfonyň ýadyna deňeşdirdi. Beýnidäki neýronlaryň sany, dürli maglumatlara görä, 19-dan 100 milliard aralygyndadyr. Olar nerw ulgamynyň esasy düzüm bölekleri bolup, elektrik we himiki signallaryň hasabyna impulslary özgertmäge hem-de ibermäge ukyplydyr. Hut şolar hem beýniniň, myşsalaryň, içki beden agzalaryň işini, pikirlenişi we huşy üpjün edýän çylşyrymly neýron torlaryny emele getirýärler. Litwinowyň sözlerine görä, mesele neýronlaryň sanynda däl-de, olaryň ummasyz aragatnaşygy üpjün etmek ukybyndadyr. Ýagny her bir neýron müňden gowrak aragatnaşygy döredýän şahalaýyn tory emele getirmegi başarýar. Netijede, habarlar sansyz ýollar arkaly paýlanyp, şeýle çylşyrymly arabaglanyşyk ýadyň ägirt uly sygymyny kesgitleýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir