Pribaltikadaky ýeke-täk Inçakaln ýerasty gaz saklawhanasynda «mawy» ýangyjyň başlangyç derejesi eýýäm bäş ýyldyr pese gaçýar, ony üstüni doldurmak bolsa, nyrhlaryň gymmatlygy bilen bagly haýal dowam edýär. Bu barada Litwanyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerine salgylanýan «Belta.by» portaly habar berýär. Bu ýyl gyşyň sowuk bolmagy, Ýakyn Gündogardaky gapma-garşylyk ýagdaýy has-da ýaramazlaşdyrdy. Bularyň ählisiniň üstesine, Latwiýa hem litwa gazyny öz çäginde saklaýandygy üçin paçlary ýokarlandyrdy. Ykdysadyýetçiler Litwada elektrik energiýasynyň nyrhlarynyň 10 göterime, gazyň 20 göterime çenli gymmatlajakdygyny çaklaýarlar.