ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) prezidenti Janni Infantinonyň Birleşen Milletler Guramasynyň täze baş sekretary bolmagyny isleýär. Bu barada amerikan liderine ýakyn çeşme «New York Post» gazetine habar berdi. Gazetiň ýazmagyna görä, Trampyň pikiriçe, Infantino tutuş dünýäde uly abraýdan peýdalanmak bilen, adamlary birleşdirmäge ukyply alçak, işeňňir adamdyr. Habarda şeýle hem Infantinonyň amerikan lideri bilen 2026-njy ýylda ABŞ-da, Meksikada we Kanadada geçen futbol boýunça dünýä çempionaty wagtynda dostlaşandygy bellenýär. FIFA-nyň prezidentiniň Trampy özüne ysnyşdyrjak bolup elde baryny edendigi, hatda geçen ýylyň dekabrynda oňa FIFA-nyň Parahatçylyk baýragyny gowşurandygy-da aýdylýar. FIFA-nyň prezidentiniň BMG-niň baş sekretary wezipesini eýelemäge islegi barmy-ýokmy, Tramp bu barada ol bilen maslahatlaşdymy, belli däl diýip, «New York Post» gazetinde çap edilen habarda bellenýär. BMG-niň häzirki baş sekretary Antoniu Guterrişiň wezipe möhleti 31-nji dekabrda dolýar.