«Lufthansa» kompaniýasyna degişli bolan «Swiss Air Lines» (SWISS) howa gullugynda adatdan daşary waka boldy. Ženewa gatnaw uçuşyna taýýarlyk görülýärkä, uçary dolandyrmaly uçarmanlaryň ikisini-de serhoşlyk sebäpli, uçuşdan sakladylar diýip, «srf.ch» portalyna salgylanýan «rg.ru» habar berdi. Serhoş uçarmanlar Ženewadan uçulmanka saklandy. Ekipažyň agzalary howsala düşüp, ýolbaşçylary habardar etdiler. Serhoş uçarmanlar dessine başga uçarmanlar bilen çalşyldy. «Swiss Air Lines» kompaniýasynyň habarynda uçarmanlaryň ikisi hem mundan beýläk uçmaýar diýlip aýdylýar. Häzir olar babatda derňew işi alnyp barylýar. Kompaniýa şahsy maglumatlary goramak boýunça hukuga esaslanyp, Ženewadan uçaryň barmaly menzilini hem-de uçarmanlaryň atlaryny gizlin galdyrdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir