Özbegistanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rawşanbek Alimow Daşkendiň Türkmenistan bilen serhetüsti syýahatçylyk ugurlaryny ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Bu barada ol 23-nji iýulda ilçihanada geçirilen brifingde mälim etdi. «Özbegistan Merkezi Aziýa ýurtlary bilen bilelikdäki syýahatçylyk ugurlaryny ilerletmek boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýär. Bu ugurda Türkmenistan aýratyn orun eýeleýär. Biz serhetüsti syýahatçylyk ugurlaryny döretmekde uly mümkinçilikleri görýäris» — diýip, ilçi belledi. Ol mysal hökmünde «Hywa – Köneürgenç – Aşgabat – Mary – Buhara» syýahatçylyk ugruny görkezdi. Ilçiniň sözlerine görä, bu ugur iki ýurduň taryhy we medeni ýadygärliklerini bitewi syýahatçylyk önüminiň çäklerinde birleşdirmäge mümkinçilik berer. Ozal biz 2025-nji ýylda we 2026-njy ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistandan Özbegistana barýan syýahatçylaryň sanynyň ep-esli artandygy barada habar beripdik.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir