Hünärmenler resmi däl ylmy-barlaglaryň barşynda dünýäde iň owadan sözi kesgitlediler. Dilleri öwrenmek boýunça internet-meýdançanyň maglumatlaryna laýyklykda, bu maori dilindäki «kaýtiakitanga» (kaitiakitanga) sözi bolup, tebigat barada aladany aňladýar. Bilermenler 75 dile degişli 223 sözden ybarat sanawy düzdüler. Ilki olary onlaýn-jemgyýetlerde ara alyp maslahatlaşdylar, soňra dilçiler, ýazyjylar we medeniýet ulgamynyň bilermenleri ýeňijini saýladylar. Halkara eminler topary sözi dört ugur: eşidilişi, manysy, seýrekligi we möhümdigi bilen baglylykda bahalandyrdylar. Netijede, «kaýtiakitanga» sözüniň «häsiýetli eşidilişe, çuňňur mana eýedigini we biziň eýýamymyzy kesgitleýän tema bolan geljek nesilleriň hatyrasyna daşky gurşawa jogapkärçilikli çemeleşmegi gozgaýandygyny nygtadylar. Ilkinji onluga şeýle hem grek dilindäki «aura» we «zefir», ýapon dilindäki «ikigaý» (durmuşdaky maksadyňy duýmak) we «kinsugi» (döwlen keramikany altyn bilen bejermek sungaty), ispan «ohala» (umyt) we türk «ýakamoz» (suwuň üstünde Aý yşygynyň kümüşsow şuglasy) girdiler. Indeýleriň ýagany halkyýetiniň dilindäki «mamihlapinatapaý» sözi hem saýlanyp alyndy — ol iki adamyň biriniň beýlekiden ilkinji ädim ätmäge garaşýan bakyşlaryny aňladýar diýip, «RNZ» neşirine salgylanýan «MIR 24» habar berdi.