Fransiýada 15 ýaşdan kiçi çagalar üçin sosial torlara gadaganlyk baradaky kanun täze okuw ýylynyň başynda güýje girer. Bu barada Respublikanyň Prezidenti Emmanuel Makron «X» sosial torunda yglan etdi. Makron kanuny goldandyklary üçin deputatlara minnetdarlyk bildirip, indi nobatyň Konstitusion kazyýete degişlidigini, ondan soňra internetde çagalary goramak boýunça anyk ädimlerdedigini nygtady. Öň Fransiýanyň Milli mejlisi (Parlamentiň aşaky palatasy) we Senat (Parlamentiň ýokary palatasy) «Kämillik ýaşyna ýetmedikleri sosial torlaryň howpundan goramak hakynda» kanun taslamasyny goldady. Oňa laýyklykda, ilkinji tapgyrda 15 ýaşdan kiçiler üçin täze hasaba alyş ýazgylaryny açmaga gadaganlyk hereket eder. Öň bar bolan akkauntlary ýok etmek 2027-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli geçiriler. Netijede, Fransiýa Ýewropada sosial torlar üçin ýaş çäklendirmelerini girizen ilkinji ýurt bolar diýip, TASS ýazýar.