Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde onuň gaznalarynda saklanylýan, ýarym asyrlyk taryhy bolan çeper eserleri öz içine alýan «Grafika sungaty» atly tematiki serginiň açylyş dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň Döwlet muzeýinde «Grafika sungaty» atly sergi açyldy Sergide türkmen grafika sungatynyň kemala gelmegine uly goşant goşan ussat suratkeşler Pýotr Znamenşikowyň we Ýuriý Nowikowyň eserlerine aýratyn orun berilýär. Olar öz döredijiliginde ýönekeý halkyň durmuşyny, zähmetkeşleriň gündelik iş durmuşyny çeper beýan edipdirler. Türkmenistanyň Döwlet muzeýinde «Grafika sungaty» atly sergi açyldy Şeýle hem sergide suratkeş Ý. Annanurowyň meşhur grafika eserleri görkezilýär. Onuň 1962-nji ýylda döreden «Keşdeçi zenanlar» atly eserinde türkmen zenanlarynyň zähmetsöýerligi wasp edilýär. Sergä suratkeş Aleksandr Kinýakiniň hem-de onuň ogly Alekseý Kinýakiniň eserleri özboluşly öwüşgin çaýýar. Türkmenistanyň Döwlet muzeýinde «Grafika sungaty» atly sergi açyldy Alekseý Kinýakiniň «Kejebe» we «Ýolda» atly awtolitografiýalarynda düýä münen türkmen gelniniň keşbi ýokary çeperçilik ussatlygy we täsirli şahyrana äheň bilen şekillendirilipdir. Türkmenistanyň Döwlet muzeýinde «Grafika sungaty» atly sergi açyldy Serginiň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Döwlet muzeýiniň müdiri Meretgeldi Çaryýew gutlag sözi bilen çykyş etdi. Şeýle hem dabarada Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň başlygy Çarymyrat Ýazmyradow, Türkmenistanyň at gazanan sungat işgäri, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň uly mugallymy, sungaty öwreniji Azat Annaýew, Türkmen döwlet ýöriteleşdirilen çeperçilik mekdebiniň mugallymy, sungaty öwreniji Oguljan Berdiýewa, şeýle-de «Güneş» žurnalynyň jogapkär sekretary Döwletgeldi Akyýew çykyş etdiler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir