Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon 17 ýyldan soňra ilkinji gezek döwlet sapary bilen Mongoliýa bardy. Ony Ulan-Batoryň halkara howa menzilinde bu ýurduň daşary işler ministri we beýleki resmi adamlar garşyladylar. Üç günlük saparyň dowamynda syýasy, söwda-ykdysady, oba hojalyk, energetika, ulag hem-de medeniýet ulgamlarynda gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin resmanamalara gol çekmek, şeýle-de bilelikdäki işewürlik hem-de medeni çäreler meýilleşdirildi diýip, «tj.sputniknews» habar berýär. Ýeri gelende aýtsak, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti soňky gezek Mongoliýa döwlet sapary bilen 2009-njy ýylda barypdy.