Türkiýäniň dolandyryjy Adalat we ösüş partiýasy taýýarlyk görülýän konstitusion özgertmeleriň çäklerinde ýurdy dolandyrmagyň ýarymprezident görnüşine geçmek barada meseläni gozgaýarlar. Bu barada partiýadaky çeşmä salgylanýan «Ekonomim» gazeti habar berdi. Ýagny partiýada munuň parlamenti berkitjekdigini hem-de onda dolandyryjy partiýanyň agzalarynyň agdyklyk etmäge ýardam berjekdigini çaklaýarlar. Üýtgetmeleriň hatarynda şeýle hem bir mandatly saýlaw ulgamyna geçmek teklip edilýär. Neşir bu meseläniň Türk demokratik gaznasynyň wekilleriniň ýurduň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşygynda gozgalandygyny belleýär. Resmi Ankara bu gazetde çap edilen makala barada häzirlikçe hiç hili beýanat bermedi, öň Ärdogan birnäçe gezek Türkiýäniň dolandyrylyşyň Prezident görnüşinden parlament görnüşine gaýdyp barmagy baradaky ara alyp maslahatlaşmalary peýdasyz hasaplaýandygyny nygtapdy. Türkiýe Prezident dolandyryşy ulgamyna 2017-nji ýylda geçirilen umumymilli sala salşykda konstitusion üýtgetmeler girizilenden soňra 2018-nji ýylda geçipdi.