Wengriýany küştçi zenan, grossmeýster Ýudit Polgar döwlet Baştutany wezipesine teklipden ýüz öwürdi. Oňa şeýle teklip ýurduň Premýer-ministri Peter Madýardan gelip gowuşdy diýip, «MTI» agentligine salgylanýan «MIR 24» habar berýär. «Men biziň bölünen milletimizi birleşdirmek üçin taryhy jogapkärçiligi egnime almaga özümi ýeterlik güýçli duýmaýaryn» diýip, Polgar aýtdy. Türgen şeýle hem özüne haýsydyr bir syýasy partiýa bilen arabaglanyşygy bolmadyk we garaşsyz dalaşgär hökmünde uly ynam bildirendigi üçin Premýer-ministre hoşallyk bildirdi. Wengriýanyň syýasy ulgamynda Prezident, esasan, wekilçilikli borçlary amala aşyrýar, ýerine ýetiriji häkimiýet Premýer-ministre degişlidir.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir