Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow Respublikanyň raýatlaryna ýüzlenmesinde ýurduň çäginiň ulalandygyny habar berdi. Onuň sözlerine görä, serhet çyzyklarynyň takyklanmagy netijesinde Respublikanyň umumy meýdany 200 müň inedördül kilometrden geçdi. 2020-nji ýyla çenli ýurduň çägi 19 million 994 müň gektara (199,9 müň inedördül kilometr) deňdi. Goňşular bilen çäk jedelleriniň kadalaşdyrylmagy hem-de serhediň delimitasiýasynyň geçirilmegi netijesinde, ýurduň meýdany 15,5 müň gektar artdy. Şunda ýurduň 200 müň inedördül kilometrlik çäginiň 187 müňi döwlet eýeçiligindedir, 590 inedördül kilometri munisipal eýeçilikdedir. Gyrgyzystan geçen ýyl goňşulary bilen çäk jedellerini gutarnykly kadalaşdyrdy, iň soňky serhetdeş Respublika bolan Täjigistan bilen serhetdäki jedelli ýer bölekleri barada ylalaşyk baglaşdy. Mundan birnäçe gün öň bu ýurtlar serhetýakada reňkli belgili we tug nyşanly serhet sütünlerini dikip başladylar. Bu barada «rg.ru» habar berdi.