Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna gelip gowşan nebit çig malyny gaýtadan işläp, harytlyk görnüşine getirmegiň meýilnamasy 102 göterim berjaý edildi. Ýokary hilli benzinleriň dürli görnüşleriniň jemi 702,1 müň tonnasy taýýarlandy. Bu barada «Nebit-gaz» gazeti habar berýär. Habarda bellenilişi ýaly, toplumda kerosiniň 202,4 müň tonnasy, dizel ýangyjynyň 728,5 müň tonnasy, polipropileniň 33,8 müň tonnasy taýýarlandy. Şeýle hem suwuklandyrylan gazyň 86 müň tonnasy, nebit bitumynyň 244,4 tonnasy, şeýle hem çalgy ýaglarynyň 28,7 müň tonnasy taýýarlanylyp, göz öňünde tutulan meýilnama artygy bilen ýerine ýetirildi.