Soňky alty aýda Täjigistan derman serişdeleriniň önümçiliginiň möçberlerini artdyrdy. Bu barada Respublikanyň Monopoliýa garşy göreş gullugynyň başlygy Haýdarali Şarifzoda salgylanýan «tj.sputniknews» internet neşiri habar berdi. 2026-njy ýylyň birinji ýarymy boýunça hasabat beren Şarifzodanyň sözlerine görä, ýuridiki şahslar we hususy telekeçiler tarapyndan umumy bahasy 19 million somoni bolan derman önümleriniň 13,7 million birligi öndürildi. Bu geçen ýylyň degişli döwründäkiden 4,9 mln birlik köpdür. Hünärmen şeýle-de Täjigistana daşyndan getirilen dermanlaryň hem artandygyny habar berdi. Ýagny ady tutulan döwürde ýurda bu harydyň 8,5 müň tonnasy (52,8 mln dollar) getirilip, geçen ýylyň degişli döwründäkiden 620 tonna ýa-da 7,9 göterim kändir. Täjigistana derman serişdelerini 64 ýurt import etdiler, olaryň arasynda Hindistan (35 %), Russiýa (16 %), Hytaý (11,1 %) we Özbegistan (5,8 %) öňdeligi eýelediler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir