«Türkmennebit» döwlet konserni boýunça 2026-njy ýylyň geçen ýarym ýylynda ýeriň jümmüşinden alnan nebitiň möçberi 2 million 53 müň tonna golaýlady. Bu barada «Nebit-gaz» gazeti habar berýär. «Nebitgazçykaryş» trestiniň müdirlikleri boýunça hasabat döwri üçin bellenilen meýilnama goşmaça 155 müň 800 tonna barabar nebit çykarylyp, tabşyryk 108,5 göterim amal edildi. Şeýle hem konserniň deňiz ýakasynda iş alyp barýan «Hazarnebit» döwlet kärhanasy boýunça meýilnamadan daşary çykarylan nebitiň möçberi 1 müň 227 tonna barabar boldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, tutuş konsern boýunça nebit çig malyny çykarmakda gazanylan ösüş depgini 101 göterime golaýlady. Gürrüňi edilýän hasabat döwründe nebit-gaz çykaryş müdirlikleri tarapyndan 2 milliard 454 million 626 müň kub metr tebigy gaz çykarylyp, sarp edijilere ýetirildi. Ugurdaş gazlaryň bol akymyny almakda «Körpeje» gaz çykaryş, «Keýmir», «Goturdepenebit» we «Gumdagnebit» nebit-gaz çykaryş müdirlikleri göreldeli işleri bitirdiler. Ýataklardaky nebiti çykarmakda «Keýmir» nebit-gaz çykaryş müdirliginde gazanylan üstünlik has-da tapawutly boldy. Bu kärhana boýunça geçen hasabat döwründe hereket edýän guýulardan alnan nebit çig malynyň möçberi 236 müň 613 tonna ýetirilip, tabşyryk 122 göterim ýerine ýetirildi. Geçen alty aýda gazanylan üstünlikde konserniň «Goturdepenebit» we «Ýaşyldepe» nebit-gaz çykaryş müdirlikleriniň hem saldamly goşantlary bar. Bu öňdebaryjy kärhanalarda gürrüňi edilýän hasabat döwrüniň meýilnamalaryna, degişlilikde, 111 göterimden we 115 göterimden geçirilip amal edildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir