Tehasyň Hýuston şäherinde ýeňilmotorly uçar öýüň üçeginde gondy. Bu barada ştatyň jemgyýetçilik howpsuzlygy boýunça edarasyna salgylanýan ABC teleýaýlymy habar berdi. Uçarmanyň hassahana ýerleşdirilendigi habar berilýär. Ol uçary golaýdaky uçuş meýdançasynda gondurmakçy bolupdyr, emma başarmandyr. ABŞ-nyň Federal raýat awiasiýasy edarasy (FAA) uçaryň «Piper J-3 Cub» kysymly iki orunlyk uçardygyny habar berdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir